2017-nji ýylyň iýulynda “Nowo-Aljan degirmen kombinaty” JÇJ-de milli tagamlaryň düzümini öndürmek boýunça liniýa badalga berildi. Nowo-Aljan degirmen kombinaty «GRANUM» kysymy bilen “Beşbarmak” milli tagamyny taýýarlamak üçin 7 görnüşli žaýmany öndürýär. Žaýma – bu inçe ýaýylan we böleklere kesilen hamyr gatlagy bolup durýan klassyky önümdir.

«Žaýma» makaron önümleri iň ýokary hilli undan, Gazagystanyň saýlanan hilli bugdaýyndan, goşundysyz we reňkleýjisiz, ýokary hilli, üýtgeşik ýewropa dizaýnynda öndürilýär.

«Žaýma» lenta görnüşli makaron önümleri bolup durýar: giňligi 50-60 mm, uzynlygy – 50-120 mm, galyňlygy 0,5-0,6 mm. “Žaýma” makaron önümleri «Ital past» italýan liniýasynda çykarylýar we gazak halkynyň “Beşbarmak” atly milli tagamyny taýýarlamak üçin ulanylýar, bu tagamyň düzüminde ýaýylan hamyr gatlaklary garnir hökmünde ulanylýar.

Beşbarmak – gazak halkynyň esasy milli tagamlarynyň biri bolup, baýramçylyklarda, toýlarda, ýubileýlerde ýa-da beýleki dabaraly ýagdaýlarda taýýarlanylýar.

Beş tagamyny taýýarlanyňda, beşi hakykatdan hem tagamly edýän iki sany pursadyň bardygyny unutmaly däl. Birinjisi – onda kazynyň we ikinjisi – elde ýaýylan hamyryň barlygydyr.