“BNB Group” kompaniýasy şu günki gün Russiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň meşhur söwda nyşanlarynyň azyk önümlerini paýlaýyş pudagynda Türkmenistanda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Ussat hünärmenlerden durýan agzybir toparymyz we gerekli mukdarda sargalan önümiň degişli şertlerde saklanmagyny we öz wagtynda eltip berilmegini ýokary derejede üpjün edýär (100-den gowrak iş ýerleri döredildi).

Kompaniýamyz tiz depginde ösmek bilen işewürlik proseslerini dolandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýar, şeýle hem harytlaryň ähli görnüşlerini paýlamak boýunça halkara dolandyryş we hil standartlaryny üstünlikli ornaşdyrýar.

“BNB Group” kompaniýasynyň satuw gerimi yzygiderli giňeýär. Häzirki wagtda kompaniýamyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda haryt dolanyşygyny amala aşyrýar. Türkmenistanda 4500 söwda nokadyna, paýtagt Aşgabatda 1600 söwda nokadyna eýe bolmak bilen, kompaniýamyz uly söwda torlaryny azyk önümlerini üpjün edýär we milli bölek söwda kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Kompaniýanyň wezipesi – Iş alyp barýan welaýatlaryň ösmegine ýardam berip, Türkmenistanda haryt paýlanyşygyny mümkingadar has netijeli we sazlaşykly ýagdaýa getirmek.