«BNB Group» kompaniýasy 2017-nji ýylyň iýulynda “Nowo-Aljan degirmen kombinaty” JÇJ bilen “GRANUM” söwda kysymyny ýaýratmak barada dillerçilik ylalaşygyny ähli Türkmenistanyň territoriýasynda baglaşdy.

“Nowo-Aljan degirmen kombinaty” JÇJ – bu gaty hilli bugdaýdan makaron önümlerini öndürmek boýunça uzak tejribesi bolan kärhanadyr. Önümçilik toplumy Aktobe şäheriniň okrugynda (Gazagystan) ýerleşýär.

«GRANUM» täze söwda kysymy Türkmenistanyň söwda nokatlarynda makaron önümleriniň we unyň düregeýinde hödürlener.

«GRANUM» uny dört görnüşde bolýar: köp ugurly «ekstra» uny, çörek bişirmek üçin un, blin bişirmek üçin un we gyzgyn tagamlar üçin ýokary hilli un. Kombinatyň tehnologlarynyň baha bermeklerine görä, “ekstra” hilli un goşmaça arassalanýar, gyzgyn tagamlary öndürmek üçin un “poritel” atly ýörite ferment bilen baýlaşdyrylýar, olaryň goşulmagy bilen un ýelmeşegen bolýar.

Hünärmenler çig maddalaryň düzümi we unuň hili boýunça gündelik barlaglary geçirýärler. Şeýle-de, “Granum” kysymly önümleriň esasy aýratynlygy önümleriň dürli mikroelementler we witaminler bilen baýlygyndan ybaratdyr. Bu peýdaly aýratynlyklaryň ählisi adamyň janyna we kesellere garşy göreşmek ukybyna oňaýly täsir edýärler.