“BNB Group” kompaniýasy, hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, önümçilik kuwwatlary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow etrabynyň S.Rozmetow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän “MFT” kärhanasynyň önümlerini alyp satmak barada şertnama baglaşdy.
“MFT” (Maks Food Technology) söwda nyşany organiki şireleriň we gönümel sykylan nektarlaryň, tomat souslarynyň we gök önüm ikrasynyň düregeýini alamatlandyrýar.
Önümler önümçiligiň ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen baglylykda, ýokary islegden peýdalanýar. Şireleriň we nektarlaryň düzüminde şeker we konserwantlar ýok.
Gönümel sykylan şiräni taýýarlamak üçin ulanylýan miweleriň hiline berk gözegçilik edilýär. Bişen miweler we gök önümler jikme-jik seçilip alynýar, ýuwulýar, owradylýar we gysylýar. Soňra olardan şire sykylýar, filtrden geçirilýär we zyýansyzlandyrylan çüýşe gabyna guýulýar. Önümiň mikrobiologik arassalygyny we onuň peýdaly häsiýetleriniň iň ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek üçin öndürilýän önümler aýawly düzgünde pasterizirlenýär.