Fewral aýynyň ahyrynda Dubaýda “Gulfood-2018” atly azyk önümleriniň we içgileriň 23-nji ýyllyk sergisi geçirildi.

Gulfood — dünýäde deňi-taýy bolmadyk sanly müşderileriň, eksponentleriň gatnaşmagynda hem-de dört günlük işewürlik amallarynyň ýerine ýetirilmeginde geçirilýän iň iri we iň abraýly azyk senagat önümleriniň we içgileriň sergisidir.

“BNB Group” kompaniýasynyň wekilleri fewral aýynyň 18-22 günleri aralygynda öndüriji kompaniýalar bilen tanyşmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen sergi merkezine bardylar.

“Gulfood” sergisindäki esasy wakalarynyň biri Ýakyn Gündogaryň azyk senagatynyň halkara forumy boldy, onuň çäklerinde birnäçe sany tehniki maslahatlar, tanyşdyryşlar, tegelek stollar geçirildi.